Ï Aşgabat şäheriniň häkimligine “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň häkimligine “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 5117

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemegi we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak baradaky şertnamany şol paýdarlar jemgyýeti bilen tölegsiz esasda baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we ony 2024-nji ýylyň maý aýynda doly tamamlamak bellenildi.