Ï Türkmenistan Pakistan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini ugradar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Pakistan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini ugradar

view-icon 5311

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge borçly edildi.

Daşary işler ministrligine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.