Ï Ýurdumyzyň telekeçi zenanlary üçin Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň telekeçi zenanlary üçin Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3482
Ýurdumyzyň telekeçi zenanlary üçin Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagynyň netijelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudakalýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary,şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Beýleki aýry-aýry ýurtlaryň mysalynda Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyň we kabul edilmeginiň düzgünleri bilen tanşan çärä gatnaşanlar bu ugurdan bar bolan ylalaşyklara garadylar.

BSG-niň Buenos-Aýresde geçirilen 11-nji ministrler maslahatynda gurama agza 118 ýurduň Söwda ulgamynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek barada Jarnama gol çekendiklerini bellemek gerek. Resminama zenanlaryň söwda gatnaşygyny artdyrmak maksady bilen BSG-niň gurallaryny beýan edýär. Jarnamada görkezilen işler zenanlar üçin has köp iş orunlaryny döretmäge, ahyr netijede – ykdysady ösüşi höweslendirmäge gönükdirilendir.

Bütindünýä Söwda Guramasy dünýä söwdasynyň ählumumy meselelerini we ösüş geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançadyr. BSG-niň söwda ulgamy erkin söwda ýörelgelerine ynam döretmekde we we ony berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Döredilen döwründen bäri BSG telekommunikasiýalar, maglumat-tehnologiýalary we maliýe hyzmatlary pudagynda bazarlary açmak barada şowly gepleşikler üçin forum bolup hyzmat edip gelýär.