Ï Önümçiligiň möçberi artdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümçiligiň möçberi artdyrylýar

view-icon 3879
Önümçiligiň möçberi artdyrylýar

Daşoguz welaýatynda atyzlardan ýeralmanyň bol hasyly ýygnaldy. Geçen ýyllardan tapawutlylykda bu ýerde ýeralma diňe baharda ekildi. Şunda onuň meýdany has-da artdyrylyp, ilkinji gezek 8800 gektara ýetirildi.

Ekerançylaryň baş maksady ýeralmanyň hasyllylygyny her gektardan 140 sentnere ýetirip, geçen ýylkydan üç esse köp ýeralma ýygnamakdy. Bu ekini ýetişdirmekde toplanan tejribe, ýerden we suwdan rejeli peýdalanylmagy, sebit üçin has ýaramly ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly görnüşleriniň saýlanyp alynmagy sebitiň ekerançylaryna öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi. Ýeralma önümçiligini artdyrmaga Gurbansoltan eje adyndaky, S.A.Nyýazow adyndaky we Boldumsaz etraplarynyň daýhanlary saldamly goşant goşdular. Beýleki etraplarda-da ony geçen ýylka görä köp taýýarladylar.

Toprak-klimat şertleriniň aýratynlyklaryna garamazdan demirgazyk sebit ýurdumyzda gök-miwe ekinlerini esasy ýetişdirijileriň biridir. Içerki bazary ýerli önümler bilen doly üpjün etmek boýunça obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, ýerli ekerançylar dürli oba hojalyk ekinleriniň önümçiliginiň möçberini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Ýerli daýhanlar şu ýyl 2000 tonna hyýar we 9625 tonna kelem taýýarlamagy niýet edinýärler, ol geçen ýyldakydan degişlilikde 1000 tonna we 5000 tonna köpdür. Zerur oba hojalyk çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi, ekiljek tohumlaryň yhlasly saýlanyp alynmagy, ekin ýetişdirmegiň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy bu ýerde üstünlik gazanmagyň esasy şertleridir.