Ï Telekeçilik ulgamy: senagat önümleri eksport edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçilik ulgamy: senagat önümleri eksport edilýär

view-icon 4989

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza bolup durýan hususy kärhanalar öz öndürýän senagat önümlerini daşary ýurtlara hem eksport edýärler.

Eksporta ugradylýan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýator batareýalary, nah pagta we beýleki harytlar bar. Gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan izogamy «Mizemez gadam» hususy kärhanasy öndürýär. Bu önümiň Özbegistan, Türkiýe döwletlerine, şeýle hem beýleki ýurtlara eksport edilmegi, onuň daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu kärhananyň şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda suwuk bitum mastikasynyň köp mukdaryny ýokarda ady agzalan döwletlere ugratmagy, önümçiligiň geriminiň barha giňelýändigine şaýatlyk edýär.

Welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn gül” hususy kärhanasy haltalyk materiallary öndürip, önümi Russiýa Federasiýasyna, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Türkmen ojagy” hususy kärhanasy bolsa, regenirlenen süýüm öndürip, Türkiýe Respublikasyna eksporta ugratdylar.

Welaýat boýunça nah mata pamygyny öndürýän “Gaýrat”, akkumulýatorlar batareýasyny öndürýän “Kökçi”, çig ýag turşulygyny öndürýän “Döwrebap iş” hususy kärhanalarynyň hem daşary döwletlere iberýän önümleri barha artýar. Bu bolsa lebaply telekeçileriň öz ýokary hilli önümleri bilen daşary ýurt bazarlaryna ymykly girişýändiklerine şaýatlyk edýär.