mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi

view-icon 2699
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň «Täze dünýäden» atly konserti geçirildi.

Resul Gylyjowyň aýtmagyna görä, çehiýaly kompozotor Antonin Dworžagyň Amerika göçmegi bilen baglanyşyklylykda konsert şeýle atlandyryldy. Aşgabatly nusgawy saz muşdaklary üçin Dworžagyň 9-njy simfoniýasy ýaňlandy. Dworžak: «Eger-de Amerikany görmedik bolsam, şu eserimi ýazmazdym» – diýipdir. Şonuň üçin hem 9-njy simfoniýany köplenç «Täze dünýäden» diýip atlandyrýarlar.

Konsertde dünýä belli amerikaly kompozitor Leonard Bernstaýnyň Şekspiriň «Romeo we Julietta» eserine meňzeş «Westsaýd wakasy» eseri ýerine ýetirildi. Eserden Toniniň paritýasyny Nury Nuryýew, Mariýanyň partiýasyny bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa ýerine ýetirdiler.

«Westsaýd wakasynyň» nusgawy kompozisiýalarynyň jaz we Latyn Amerikan ritmleri bilen sazlaşýan hyjuwly sazy diňleýjileri biparh goýmady.

Resul Gylyjow 8- 9-njy oktýabrda ajaýyp aýdymçy, kompozitor Arno Babajanýana bagyşlanan konsertiň boljakdygyny aýtdy.