Ï Merkezi Aziýada saglyk ulgamyny berkitmek
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýada saglyk ulgamyny berkitmek

view-icon 5431
Merkezi Aziýada saglyk ulgamyny berkitmek
Merkezi Aziýada saglyk ulgamyny berkitmek
Merkezi Aziýada saglyk ulgamyny berkitmek
Merkezi Aziýada saglyk ulgamyny berkitmek

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň (ÝSE / BSG) Merkezi Aziýa ýurtlary üçin COVID-19-a garşy hereketi (CACCR-2) taslamasynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu başlangyç 2022 – 2026-njy ýyllar aralygynda BSGG-niň Merkezi Aziýadaky bäş ofisiniň (ÝSE) üsti bilen amala aşyrylar.

Bu hereket meýilnamasy BSGG tarapyndan 2020 – 2022-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçirilen COVID-19-a (CACCR-1) garşy hereketi hökmünde Merkezi Aziýany goldamak boýunça öňki taslama göz öňünde tutulyp düzüldi.

Taslama Merkezi Aziýada (2022 – 2025-nji ýyllar) saglyk we abadançylygy goldamak üçin ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar, ol ösüş hyzmatdaşlarynyň kömegi bilen BSGG tarapyndan gurnalan maslahat beriş işiniň çäginde Merkezi Aziýanyň bäş respublikasy bilen bilelikde işlenip düzülipdi. Ýol kartasynda ilatyň saglygynyň möhüm taraplaryna gönükdirilen işler görkezilýär. Hususan-da, immunizasiýa baradaky maglumat ulgamlaryny-da goşmak bilen, saglyga degişli maglumatlary dolandyryş ulgamlaryny güýçlendirmek, saglygy goraýyş hyzmatlaryny hemmelere dahylly etmek üçin ýokary hilli saglyk maglumatlaryny ýygnamak we ulanmak mümkinçiligini giňeltmek göz öňünde tutulýar. 

Taslama geljekde sebitde sanly saglygy goraýşy ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýlelik-de, BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit bölüminiň başlygy Hans KLÝUGE sanly dünýäde ösüş ýoly barada bilýänlerini ýygnananlar bilen paýlaşdy.