Ï Adam hakyndaky alada – ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adam hakyndaky alada – ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry

view-icon 3223
Adam hakyndaky alada – ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet maslahatynda eden çykyşynda adam hakynda alada – ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugrudygyny aýratyn belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75-80-%-i durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň köpeldilmegine, şeýle hem bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýär.

«Raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris», – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti döwlet syýasatynda raýatlarymyzyň zähmet we iş üpjünçilik ugrundaky konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge ilatymyzyň işsizlikden goraglylygyna gönükdirilen çärelere hem uly orun berilendigini we bu ugurda goşmaça iş orunlaryny döredip, ilatyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz durmuş ähmiýetli harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny we nyrhlaryny düzgünleşdirýän adalatly nyrh syýasatyny alyp barylýandygyna aýratyn üns çekdi.

«Ýurdumyzyň esasy durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladany alyp barýan, döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugrudygyny tassyk edýär. Bu, aýratyn-da, raýatlaryň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesini üpjün edýän Türkmenistan döwletimiziň abraýyny ýokarlandyrýar», – diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi.