Ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik toparlary we teatrlar baýramçylyk mynasybetli konsertleri hem-de spektakllary taýýarladylar.
«Watan» kinokonsert merkezi 23-nji, 24-nji we 25-nji sentýabrda meşhur estrada aýdymçylarynyň konsertine çagyrýar. Olaryň arasynda Begenç Çaryýew, Gözel Orazmyradowa, Aman Sähedow, Dessan Bäşimow we başga-da ençeme aýdymçylar bar.
S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry
24-nji sentýabrda «Perwana»,
25-nji sentýabrda «Söýgüde serhet bolmaz» atly spektakllara tomaşa etmäge çagyrýar.Oýunlar sagat 19:00-da başlanýar.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda
24-nji sentýabrda «Balzaminowyň öýlenişi» spektakly,
25-nji sentýabrda Russiýanyň «Ural» döwlet ansamblynyň konserti görkeziler.
Olar sagat 19:00-da başlanýar.
Çelýabinskiý döwlet filarmoniýasynyň horeografiýa topary aşgabatly tomaşaçylara özboluşly ural folklorynyň esasynda tans çykyşlaryny teklip eder. 1980-nji ýylda doganlar Karaçinsewleriň «Ural wäşisi» ansamblynyň esasynda döredilen «Ural» ansambly abraýly halkara we Bütinrussiýa bäsleşikleriniň ençemesiniň ýeňijisidir.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda
24-nji sentýabrda «Gyzyl alma»,
25-nji sentýabrda «Oýun bir, maza iki» spektakllary görkeziler.
Spektakllar sagat 19:00-da başlanýar.
A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry
23-nji sentýabrda sagat 19:00-da «Andro we Sandro»,
24-nji sentýabrda sagat 12:00-da «Bir, iki»,
24-nji sentýabrda sagat 19:00-da «Bäş agşam»,
25-nji sentýabrda sagat 11:00-da we 13:00-da «Alladdin we jadyly çyra»,
25-nji sentýabrda sagat 19:00-da «Atsyz ýyldyz» spektakllaryna tomaşa etmäge çagyrýar.
Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda
24-nji sentýabrda «Söýgi bar ýerinde» ,
25-nji sentýabrda «Ýaz gününiň ýagşy» spektakllary görkeziler.
Spektakllar sagat 19:00-da başlanýar.
Türkmen döwlet gurjak teatrynda
23-nji sentýabrda sagat 17:00-da «Alýaňak », sagat 19:00-da «Ýartygulak»,
24-nji sentýabrda sagat 17:00-da «Gyzyl alma», sagat 19:00-da «Söýgi bizi halas eder»,
25-nji sentýabrda sagat 12:00-da we 17:00-da «Gyzyl alma», sagat 19:00-da bolsa «Şadyýan şow» oýunlary bolar.
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 31 ýyllygyna gabatlap , «Garaşaryn saňa men» spektaklynyň premýerasyny taýýarlaýar.