Ï Türkmenistanyň wekilleri ÝUNISEF-iň sebitleýin okuwyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri ÝUNISEF-iň sebitleýin okuwyna gatnaşdylar

view-icon 3805
Türkmenistanyň wekilleri ÝUNISEF-iň sebitleýin okuwyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, Ombudsmen edarasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ynsanperwerlik çäreleriň barşynda çagalar babatyndaky esasy borçlar boýunça tanyşlyk okuwyna gatnaşdylar.

Ugrukdyryş okuwynyň maksady oňa gatnaşýanlary ynsanperwerlik işleriň dowamynda çagalar babatyndaky esasy borçlar bilen tanyşdyrmak, olaryň öz işlerinde yzygiderli ulanylmagyna ýardam etmekdir. Hususan-da, bu çärede esasy üns suw üpjünçiligine, arassaçylyga we gigiýena (SAG) pudagyna gönükdirildi. Şeýlelikde, seminara gatnaşanlar SAG-yň alty borçnamasy bilen barlag görkezijilerini we olaryň täze ülňülere laýykdygyny-däldigini gözden geçirdiler, şeýle hem bu ugurdaky amaly tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar.

Ynsanperwerlik hereketinde çagalar babatyndaky esasy borçlar 1998-nji ýylda kabul edilipdi. Olar hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar, Durnukly ösüş pudagynda maksatlara (SDG) ýetilmegine goşant goşýar, jikme-jik işlenen ynsanperwerlik çärelerini we işini birleşdirmek, ulgamlaryň milli mümkinçiliklerini ösdürmek we berkitmek, şeýle hem ynsanperwerlik işiniň ähli basgançaklarynda garşy durmak mümkinçiligini döretmek strategiýasyny öz içine alýar.