mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň baýramy mynasybetli bäsleşik

view-icon 3661
Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň baýramy mynasybetli bäsleşik

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirilýär.

Bäsleşigi ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary hem-de institutyň «Ýaş hukukçylar» ylmy toparynyň agzalary guradylar. Guramaçylaryň bellemegine görä, bäsleşik döwletimiziň hukuk esaslary, daşary we içeri syýasaty barada çuňňur bilimli, has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, şeýle hem şol bilimlerini berkitmäge we gözýetimini giňeltmäge, ýaşlaryň arasynda hukuk esaslary düşünjesini ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dürli ugurlardan okaýan talyplary çagyryldy.

Häzirki wagta çenli olar saýlama tapgyrdan geçdiler. Indi oýun-wiktorina görnüşde bäsleşigiň ýarym finaly geçirildi. Bäsleşigiň şertine görä, ýarym finala her ýokary okuw mekdebinden saýlama tapgyrdan üstünlikli geçen üç talyp gatnaşýar. Ondaky sowallar esasan ýaşlaryň arasynda milli kanunçylyk hakynda bilimlere baha bermäge gönükdirilendir.

Intellektulal bäsleşigiň finaly ýurduň baş baýramynyň öň ýanynda, 26-njy sentýabrda geçiriler. Oňa ýarym finalda has köp utuk gazanan talyplar gatnaşarlar. Jemleýji tapgyr oýun-wiktorinanyň dowamy bolar, onda bäsleşige gatnaşýanlaryň dogry we takyk düzülen jogaplary, olaryň ýarym finalda gazanan utuklarynyň üstüne goşular.

Finalyň netijesi boýunça ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler belli bolar, olar Hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglanarlar. Ýeňijä şeýle hem bäsleşigiň göçme Kubogy-da gowşurylar.