Bahram Dolyýewden (birinji skripka we toparyň çeper ýolbaşçysy), Aýlar Botaýarowadan (ikinji skripka), Tahyr Ataýewden (alt), Kakageldi Hojalekowdan (wiolençel), Ysmaýyl Sähetmyradowdan (kontrabas), Wladimir Mkrtumowdan (fortepiano) ybarat kamerata sazandalary ýaňy-ýakynda aşgabatly diňleýjileriň öňünde üstünlikli çykyş edipdiler. Ýakynda bolsa olar Türkmensitanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda konsert bilen çykyş etdiler.
Konsertde Žan Mari Lekleriň 5-nji sonatasy, şeýle hem Anton Arenskiniň «Kwinteti», Georgiý Swiridowyň A. S. Puşkiniň «Syrgyn» powestine döreden «Romansy», Frans Şubertiň-Ferens Listiň «Wena agşamalry» we ähli ýurtlarda halanylýan beýlelki eserler ýaňlandy.
Leýli Ökdirowa Winsenso Kýaryň meşhur «Kaddy-kamatyň büýsançly gözelligi» eserini labyzly heňde ýerine ýetirdi.
Sahna myhmany, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Röwşen Nepesowyň bu konsertde täze eseri – «Duýgylar mýuzikli» ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Diňleýjiler kompozitora bu «sowgady» üçin el çarpyşmalar bilen hoşallyk bildirdiler.
Kamerata toparynyň konserti Nikkolo Paganininiň «Kaprisi» bilen jemlendi. Konsert diňleýjileriň göwnünden turdy.