mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Täsir galdyrýan sergi

view-icon 2452
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
Täsir galdyrýan sergi
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisinde 193 adama Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna şahadatnama gowşuryldy. Olar – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň döredijilikde özüni tanadan uçurymlary, şeýle hem ömürlerini halk-amaly haşam sungatyna bagyşlan adamlardyr . Indi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň 564 agzasy bar.

Elbetde, sergide goýlan žiwopis işlerini, gobelenleri, şaý-sepleri, keçeleri, heýkelleri we beýleki eserleri döredenler, Türkmenistanyň Suratkeşeler birleşiginiň agzalgyna ýaňy-ýakynda kabul edilen döredijilik işgäleridir.

Dmitriý Filipenkonyň «Pederlebaşy –Oguz han» işi has-da özüne çekiji çykypdyr. Soňky ýyllarda Dmitriý gala-sergilerde panbarhatda ýerine ýetirilen işleri bilen geň galdyrýar. Bu gezek ol Oguz hanyň portretini üýtgeşik ýerine ýetiripdir. Belli sungaty öwreniji Azat Annaýewiň aýtmagyna görä, nakgaş bir şekili beýekisiniň üstüne goýmak sýurrealistik usuly ulanypdyr.

Töweregine köp adam ýygnan beýleki bir surat Ýagşymyrat Kerimowyň «Gün, toprak, aý» atly işidir. Adyna garamazdan onuň merkezinde wagty aňladýan namaz okap oturan ýaşuly şekillendiripdir. Her tomaşaçy bu täsirli işe özüçe düşünip biler.

Dizaýner Gülälek Babakulowa gurjaklardan «Oguz han we onuň alty ogly» işini ýerine ýetiripdir. Onuň kolleksiýasynda 200-den gowrak gurjak bar.

Başga bir dizaýner Jeren Gurbanowa -- aýna witražyny döredýär. Ol sergä dört sagat hödüläpdir, olaryň aýna panelini milli nagyşlar bilen bezäpdir.

Ussat zergärler türkmen gözelleri üçin kümüşden owadan monjuklardyr bileziklere altyn çaýyp bezäpdirler.