Ï “Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 4222
“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany 2020-2021-nji ýyllarda ýurdumyzda kabul edilen resminamalaryň toplumy bilen açylýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary hem-de Kararlary, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň resminamalary bar. Şeýle-de žurnalda geçen iki ýylyň has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelerine — iri forumlara, halkara maslahatlara, konsultatiw duşuşyklara, dürli senagat we durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna yzygiderlilikde gysgaça syn berilýär.

Makalalarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, Watanymyzyň gülläp ösüşi üçin ygtybarly binýady döretmekden ybaratdyr. Mowzuklaýyn makalalaryň birnäçesi döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň biriniň ýerine ýetirilmegine — ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň iş dolandyryş we arhiw düzümlerine resminama dolanyşygyny guramakda usulyýet kömeginiň berilmegine bagyşlanypdyr.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde däp bolan kagyz resminama dolanyşygynyň düzümi we mazmuny üýtgeýär, kompýuter tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, iş dolanyşygyny alyp barmagyň täze görnüşleri giňden ösdürilýär. Okyjylar žurnalyň sahypalarynda resminamalary döretmegiň, hasaba almagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň Kadalary hem-de Tertibi bilen, şeýle-de ykdysady, ylmy we medeni hyzmatdaşlyga degişli resminamalaryň birkysmy Sanawy we olaryň saklanylmaly möhletleri bilen tanşyp bilerler.

Türkmenistanda nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň nyşany bolup hyzmat edýän milli maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky maglumatlary öwrenmek, ýaýratmak meselelerine uly üns berilýär. Şulardan ugur alnyp, türkmen halkynyň özboluşly mirasyny dünýä ýaýmakda çäreleriň toplumyny geçirmek Baş arhiw müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de žurnalda ýurdumyzyň taryhyndan gyzykly maglumatlary özünde jemleýän makalalar bar.

Žurnalyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyndan fotosuratlar ýerleşdirilipdir.