Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan gahrymanlary unudylmaýar» atly sergi guraldy.
6-njy oktýabr — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar.
Tebigy betbagtçylyk diňe bir adamlara däl, eýsem Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerine-de uly zyýan ýetirdi. Sergide iki asyr mundan öň «gözellik öýi» diýlip atlandyrylan meşhur Seýitjemaleddin metjidiniň böleklerini görüp bilersiňiz. Bu ajaýyp bina ýer titremesi zerarly doly diýen ýaly weýran bolupdyr.
Sergide görkezilen suratlaryň bir bölegi paýtagtymyzyň keşbindäki özgerişlere bagyşlanan suratlar ýygyndysydyr. Tomaşaçylara has düşnükli bolmagy üçin, suratlar tema boýunça toparlara bölünip, şäheriň ýer titremesinden ozalky we Garaşsyzlyk ýyllarynda eýe bolan gözel keşbini görkezýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň müdiri Meretgeldi Çaryýew çykyşy bilen açdy.