Ï Ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar

view-icon 4407

Watanymyzyň Balkan welaýatynyň ene topraga göreldeli hyzmat edýän babadaýhanlary ondan bol hasyl alyp, halkymyzy öndürilýän ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda beýleki ekinler bilen birlikde, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmäge hem sebitde aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda welaýatyň Serdar etrabynda 1600, Bereket etrabynda 1000, Magtymguly etrabynda 200, Etrek, Esenguly etraplarynda hem degişlilikde 100 gektar ýerde gymmatly ekin bolan gant şugundyryna agrotehniki talaplara laýyklykda ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Welaýatyň ekin meýdanlarynda birkemsiz ösüp oturan gant şugundyryna ideg etmek, oňa ösüş suwuny tutmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin mineral we mikrodökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, ösümlikleri goramak boýunça geçirilýän çäreleri kämilleşdirmek, hatar aralaryny bejermek – öňdebaryjy tejribä daýanyp, ylmy esasda alyp barmak ýaly möhüm işler oňat ýola goýulýar.

Şu günler welaýatyň Serdar, Magtymguly etraplarynyň babadaýhanlary gant şugundyrly meýdanlara ideg etmekde has-da tapawutlanýarlar. Her bir işde belent sepgitlere eýe bolmagy maksat edinýän welaýatyň oba hojalykçylary häzir üç müň gektara golaý meýdanda endigan boý alyp, hasyl toplaýan gant şugundyryna idegi barha ýokarlandyrýarlar.

Häzirki wagtda howanyň her bir amatly günlerinden ýerlikli peýdalanyp, degişli işleri gowşamaýan depginlerde dowam etdirilýär. Ekine şeýle yhlas balkanly daýhanlaryň şu ýyl hem gant şugundyryndan bol we ýokary hilli hasyl aljakdyklaryna bolan ynamy has-da pugtalandyrýar.