Şu oba hojalyk möwsüminde ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarda geljek ýylyň hasyly üçin 450 gektar ýerde sarymsak ekmeklik meýilleşdirlip, bu möhüm çäre üstünliklli tamamlandy.
Ýeri gelende welaýatda sarymsagyň dünýäniň iň kämil sarymsak ekijileriniň kömegi bilen ekilendigini, onuň bolsa ekişi agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmekde we doly gögeriş almakda aýratyn ähmiýetiniň bolandygyny belläp geçmek mňhümdir. Häzirki wagtda bu örän ähmiýetli ekine ideg işlerine girişildi. Welaýatyň etraplarynda bu ugurda alnyp barylýan işler sarymsagyň bol hasylynyň kemala getiriljekdigine güwä geçýär.
Türkmen topragy keremli hem-de bereketli toprak. Bu ýerde bitýän gök-bakja hem-de miwe önümleri özüniň tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň bilen birlikde hem bejerijilik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem halk lukmançylygynda giňden ulanylýan, Gahryman Arkdagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jilti ylmy-ensiklopediki kitabynda ady tutulýan we melhemlik häsiýetleri doly açylyp görkezilýän sarymsakdyr.
Sarymsagyň mundan 4 müň ýyl ozal Merkezi Aziýada, Eyranda we Pakistanda ekilendigi, ondan soňra dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýrandygy, onuň halk lukmançylygynda giňden peýdalanylandygy barada maglumatlat bar.