Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde şu ýylyň 22-nji noýabrda sagat 15:00-da ýurdumyzyň meşhur küýzegäri, Türkmenistanyň halk suratkeşi Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisi geçiriler.
Solmaz sergide 100-den gowrak eseri görkezer. Bular, esasan hem heýkel-bezeg küýzeleri we abstrakt gurama işler görnüşindäki keramiki işleridir. “Meniň döredijilik dünýägaraýşym şeýle: eser reňki bilen-de, keşbi bilen-de tomaşaçyda täsir galdyrmaly we ony begendirmelidir” diýip, Solmaz aýdýar.
Sergä gelenlerde keramiki eserlerden başga-da, suratlardan lezzet almak mümkinçiligi-de bolar. Solmaz suratkeşlikde ösümlik dünýäsini şekillendirmegi halaýar, şonuň üçin suratlarynyň köpüsi güllere bagyşlanýar. Adaty däl, hatda biraz hyýaly güller örän täsirli görünýär.
Serginiň suratkeşler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler üçin gyzykly boljakdygy görnüp dur.