Ï Paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler we teatrlarda görkeziljek oýunlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler we teatrlarda görkeziljek oýunlar

view-icon 4845
Paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler we teatrlarda görkeziljek oýunlar

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 14-15-nji oktýabrda Aşgabatda Ýaponiýanyň ilçihanasy tarapyndan medeni çäreler geçiriler.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary Ýaponiýanyň film festiwalyna gatnaşyp bilerler. «Aşgabat» kinoteatrynda «Şu tomsuň filmi» we «Batyr ata ulgamda: «Final Fantasy XIV biziň hekaýatymyz» filmleri görkeziler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi giňişleýin maksatnama boýunça çäreleriň geçiriljek ýerine öwrüler. Bu ýerde adaty çaý dabarasy hödürlener, «kimono» milli lybasy we ýapon medeniýetine degişli köp zat görkeziler.

Şeýle hem, 14-15-nji we 16-njy oktýabrda sagat 17:00-da Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň sahnasynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň taýýarlan «Mülk» oýny görkeziler.

Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda:

15.10.2022. «Hindi rowaýaty» – 19:00;

16.10.2022. «Gelinler» – 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda:

15.10.2022. «Aýdym-sazly gülki agşamy» – 19:00;

16.10.2022. «Bir Selbiniň yşkynda» – 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda:

15.10.2022. «Söýgi duralgasy» –19:00;

16.10.2022. «Hüwdi» – 19: 00.

A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda:

14.10.2022. «Hanuma» – 19:00;

15.10.2022. «Körpe we Karlson» –12:00;

15.10.2022. «Ýalan öýlenjek ýigit» – 19:00;

16.10.2022. «Aladdin we jadyly çyra» – 11:00; 13:00;

16.10.2022. «Bäş agşam» – 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda:

14.10.2022. «Böwenjik» – 17:00;

14.10.2022. «Ýartygulak» – 19:00;

15.10.2022. «Jadyly ýaglyk» – 17:00;

15.10.2022. «Gurjak gyz» – 19:00;

16.10.2022. «Balykçy we balyjak» – 12:00; 17:00;

16.10.2022. «Çagaly öý - bazar» –19:00.