Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy

view-icon 7961

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtoulag benzinini, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa jins matasyny, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 18 million dollaryna golaý boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 7 million 150 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.