Ï «Sungat we şygryýet» atly festiwal badalga aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sungat we şygryýet» atly festiwal badalga aldy

view-icon 6777
«Sungat we şygryýet» atly festiwal badalga aldy

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň kerler we körler jemgyýetiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynda «Sungat we şygryýet» atly festiwal başlandy. 17 – 22-nji oktýabr aralygynda geçirilýän bu festiwala ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 100-e golaý adam gatnaşýar.

Bu özboluşly, şöwhunly çärä Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde badalga berildi. Bu ýerde Lebap welaýatynyň toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sahnadaky çykyşlar toparyň bu festiwala ykjam taýýarlykly gelendigini görkezdi.

Konserte gatnaşyjylaryň türkmen we daşary ýurt dillerindäki aýdymlary, dürli tanslary, şol sanda, meşhur «Küştdepdi» tansyny ýokary derejede ýerine ýetirmekleri tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Aýdym-sazly çykyşlaryň täsirli degişmeler, şeýle hem çuňňur mazmunly goşgularyň okalmagy bilen utgaşmagy sungat ulgamyna göwün beren zehinleriň konsertine aýratyn bezeg berdi.

Festiwala gatnaşýan toparlaryň konsertleriniň düzüminiň köpöwüşginliligi, çykyşlaryň ýokary derejede, ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi, sahnada özüňi alyp barmaklygyň kämil derejede amal edilmegi, oňa gatnaşyjylaryň tutanýerli, irginsiz zähmetiniň netijeleridir.

Bu täsirli çykyşlar öz maksadyňa ýetmek üçin ykbalyň öňde goýan islendik kynçylygyny ýeňip, dürli ugurlaryň, şol sanda sungat we döredijilik ulgamynyň hem çuňlugyna aralaşyp bolýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Konsertiň dowamynda her bir çykyşy tomaşaçylaryň dowamly elçarpyşmalar bilen garşy almaklary oňa gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Festiwala gatnaşýan ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen toparlaryň Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde we şäheriň çäginde ýerleşýän edara – kärhanalarda, ýörite orta okuw mekdeplerinde çykyşlary dowam edýär. Festiwal 22-nji oktýabrda öz işini tamamlar.