Ï Süýji hasyl ýygnalýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Süýji hasyl ýygnalýar

view-icon 5052

Mary welaýatynyň ekerançylary oba hojalyk ýylynyň iň soňky hem iň süýji hasylyny- gant şugundyryny ýygnamaga girişdiler. Bugdaýdan boşan meýdanlara iýun aýynyň aýaklaryna ekilen, agrotehniki talaplara laýyk ideg edilen bu aralyk ekin 120-130 günüň içinde kemsiz ýetişdi. “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bu möwsüme badalga bermek üçin Sakarçäge we Baýramaly etraplarynda irki möhletlerde ekilen meýdanlaryny saýladylar. Gant şugundyrynyň her gektarynyň hasyllylygy 145-150 sentnere ýetýär.

Gant şugundyry indi köp ýyllardan bäri ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwarymly ýerleri netijeli ulanmak, düşewüntliligi artdyrmak babatda daýhanlar üçin örän bähbitli aralyk ekine öwrüldi. Şugundyr ýetişdirmegiň tejribesini kemsiz ele alan ekerançylar bu möwsümde has hem gowy ykdysady netijelere garaşýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda çykaran “Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda indi döwlete tabşyrylan hasylyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan şugundyr löti bir aýyň dowamynda düzgünleşdirilen bahadan öndürijileriň özlerine satylar. Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen bu Karar daýhanlarda bol hasyl öndürmek höwesini artdyrdy.

Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda hem şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.

Şu ýyl Mary welaýatynyň 10 etrabynda jemi 14 müň 900 gektar ýerde, Balkan welaýatynda hem jemi 3 müň gektarda bitginli şugundyr hasyly ýetişdirildi. Şugundyrly meýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garagum etrabyna degişli. Süýji hasyly ýygnamak işini Sakarçäge we Türkmengala etraplarynyň hem hersi 1 müň 800 gektarda alyp bararlar.

“Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti häzir şugundyry işläp bejerýän, şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýurdumyzda ýeke-täk kärhanadyr. Möwsüme taýýarlyk döwründe ulanyljak tehnikalary, ýerlerdäki hasyly kabul ediş nokatlary, kärhananyň önümçilik desgalaryny we enjamlaryny işjeň we ygtybarly ýagdaýa getiren bu kärhanada şu möwsümde jemi 224 müň tonna şugundyr hasylyny kabul etmek meýilleşdirilýär.