Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda mundan birnäçe ýyl ozal işe girizilen «Akgaýa» hojalyk jemgyýeti döwrebap kärhanalaryň biridir.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýeti 25 gektara barabar meýdany tutýar. Gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürýän bu önümçilik kärhanasy dolandyryşyň kämil tilsimatlarydyr ösen enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Şeýle bolansoň, kärhanada ýerine ýetirilýän ähli işler kuwwatly tehnologiýalaryň kömegi bilen awtomatlaşdyrylan usulda merkezi dolandyryş bölüminden amala aşyrylýar. Bu ýerde taýýarlanylýan ýokary hilli gurluşyk garyndy serişdelerine, şeýle-de dürli binalaryň, ymaratlaryň içki gurluşyklarynyň üçek asty, şol sanda diwar örtükleri üçin zerur bolan gips kartonyna içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Kärhanada her ýylda diwarlary tekizläp, ýylmamak üçin zerur bolan gurluşyk garyndy serişdeleriniň 78 müň tonnasy, gips kartonynyň bolsa 8 million inedördül metri öndürilýär. Önümçilik işlerini kadaly ýola goýmak üçin gerek bolan çig mallaryň agramly bölegi hem ýerli Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynýar. Munuň özi «Akgaýa» hojalyk jemgyýetinde işleriň çalt depginlerde düşewüntli alnyp barylmagyna, önümleriň sarp edijiler üçin elýeterliligini üpjün etmäge giň mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän gurluşyk serişdeleridir gips kartony diňe bir içerki bazarlara däl, eýsem daşarky sarp edijilere hem yzygiderli ugradylýar.