Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 7152

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ajapsoltan Hanymowany,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annaoraz Aşyrmyradowiç Annamyradowy,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annamuhammet Gurbanowiç Annadurdyýewi,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetnazar Amanberdiýewiç Gurdyýewi,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň baş mehanigi Gara Myratmuhammedowiç Annaýewi,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurly Gulatarowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gubadag etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Dädemyrat Hudaýberdiýewiç Kakabaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Hazynaly toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjemal Kakaýewna Atajykowany,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tuwakgül Mämedowna Palwanowany,

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Mürzebeg gala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulsenem Döwletowany,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň baş agronomy Agamyrat Taganowiç Öwezowy,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýna Akmuradowna Jumadurdyýewany,

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Parahat Jumageldiýewiç Seýdiýewi,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbegenç Amandurdyýewna Gurbanowany,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kakabally Atageldiýewiç Orazmyradowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 11-nji noýabry.