Ï Kösükli ekinleriň we künjüniň bol hasyly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kösükli ekinleriň we künjüniň bol hasyly

view-icon 7940
Kösükli ekinleriň we künjüniň bol hasyly

Daşoguz welaýatynda kösükli we ýagly ösümlikleriň käbir görnüşlerini taýýarlamak baradaky döwlet buýurmasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu ýerde ekin meýdanlaryndan 7 müň 300 tonna mäş, 615 tonna noýba we 560 tonna künji ýygnaldy. Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazygynda kösükli ekin ekmek üçin bölünip berlen meýdan ep-esli artdyryldy. Netijede, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, mäşden takmynan 2000 tonna, noýbadan 239 tonna, künjüden bolsa 210 tonna köp hasyl alyndy.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, sebitde kösükli ekinleri ösdürip ýetişdirmek ösümlik dänesiniň we belogyň köpelmegine, şeýle hem, topragyň hasylly gatlagynyň güýçlenmegine goşant goşýar. Kösükli ekinler ekin dolanyşygynda ulanylanda-da gowy netije berýär. Kösüklileriň beýleki ekinler bilen utgaşdyrylyp ekilmegi oba hojalygynyň we topragyň biodürlüligini ýokarlandyrýar. Olar aýaza çydamly, guraklyga we dürli kesellere garşy durnukly, daşalmasy zyýansyz we guradylandan soň uzak wagtlap saklanyp bilinýär.

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary soňky ýyllarda köp mukdarda kösükli ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribe topladylar.

Mäş, noýba we künji gadymy döwürlerden bäri ýerli tagamlaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Daşoguz welaýatynda künji ýagynda bişirilen palawa aýratyn ýokary baha berilýär, mäş bilen noýba bolsa dürli tagamlary, şol sanda çorba we beýleki naharlary bişirmek üçin ulanylýar.