Ï Guýulardan alynýan «gara altynyň» möçberi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Guýulardan alynýan «gara altynyň» möçberi artýar

view-icon 3678
Guýulardan alynýan «gara altynyň» möçberi artýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki önümçilik kärhanalary nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda hem-de olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda möhüm işleri alyp barýarlar.

Balkan welaýatyndaky «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň zähmetsöýer işçileridir hünärmenleri hem netijeli işleri durmuşa geçirip, görnükli iş netijelerini gazanýarlar. Has takygy, kärhana boýunça şu ýylyň başyndan bäri Günbatar sebitiň çägindäki önüm bermesini kesen ýa-da kemelden guyylaryň 486-sy gaýtadan düýpli abatlanyp, nebit çykaryjylara täzeden ulanyşa berildi. Munuň özi, meýilnamada göz öňünde tutulandan 43 sany guýy köpdür. Olaryň hasabyna goşmaça alynan «gara altynyň» möçberi hem 202 müň 559 tonna barabar boldy. Bu bolsa meýilnamada bellenilenden 28 müň 187 tonna nebitiň artyk öndürilendigini aňladýar.

 Şu günlerde hem konserniň abatlaýjylary ýetip gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda has-da tutanýerli, öndürijilikli zähmet çekýärler.