Ï Türkmenistanda kömelekleri senagat taýdan ýetişdirmek boýunça iri önümçilikler döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda kömelekleri senagat taýdan ýetişdirmek boýunça iri önümçilikler döredilýär

view-icon 4550
Türkmenistanda kömelekleri senagat taýdan ýetişdirmek boýunça iri önümçilikler döredilýär

Owadandepedäki «Üzümçilik» daýhan birleşiginde şampinýonlar maşgalasyndan telpeginiň aşagy kirpikli kömelek ýetişdirýän ýurdumyzda iri kärhana gurlup, işe girizildi. Telekeçi Babasadyk Çüriýew şampinýon öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri «Sylvan» golland firmasyndan miseliý satyn aldy. Indi kärhanada uly telpekli A15 ştammly ak şampinýonlar ýetişdiriler. Iri kömelekler ter görnüşinde ýerlemek üçin amatlydyr.

Telekeçi eýýäm şu ýyl 600 tonna golaý hasyl almagy, ýakyn ýyllarda bolsa «Tokaýçy» söwda belgisi bilen söwda nokatlaryna bu azyk önümini iri iberiji bolmagy we ýylda 2,5 müň tonna kömelek ýetişdirmegi göz öňünde tutýar.

Şampinýon önümçiligi hojalykda çig maly, ýokumly garyndy taýýarlamakdan başlap, hasyl ýygymy bilen jemlenýär. Önüm çykarmak üçin bölünen 60 müň inedördül metrden gowrak meýdanda ýokumly garyndy taýýarlamak üçin ýörite mehanizmleriň 20-den gowragy – ýük ýükleýjiler, bunkerler, ýagyş ýagdyryjy enjamlar, kömelek ýetişdirilýän kameralar ýaly awtomatlaşdyrylan enjamlar işledilýär. Gollandiýaly haryt öndürijilerden satyn alnan tehnologýia boýunça alty müň tonna çenli ýokumly garyndy taýýarlanylar, olardan iki müň tonnasy şahsy harajatlar üçin ulanylar.

̶ Fermada ýokumly garyndy önümçiligi üçin towuk dersi, akar ýa-da ulanylan suw, saman ulanylýar. Saman – onuň esasy komponentidir. Olaryň garyndylarynyň bellenilen düzgüne görä taýýarlanylmagy ýokumly garyndy almaga mümkinçilik berýär – diýip, Babsadyk gürrüň berýär.

̶ Geljekde goşmaça dört müň tonna golaý ýokumly garyndy öndürmegi, ulanylan ýokumly garyndyny bolsa oba hojalygynda organiki dökün hökmünde peýdalanmagy göz öňünde tutýarys, ol topragyň düzümine we onuň çyg saklanmagyna gowy täsir edýär – diýip, telekeçi düşündirýär.

Şampinýonlar üçin ýokumly garyndy taýýarlamak önümçiligiň esasy bölegini tutýar. Ol birnäçe tapgyrda taýýarlanylýar: çyglandyrylýar, ownuk garylýar, karamelleşdirilýär, fermentleşdirilýär, gyzdyrylýar, soňra – garyndy pastezirlenilýär, sowadylýar, ýelejiredilýär we ş.m. tapgyrdan geçirilýär. Miseliýleri ekmek üçin tonnele guýulýany olaryň gyradeň ýetişmegini üpjün edýär.

Gollandiýaly haryt öndürijilerden alnan awtomatlaşdyrylan ulgam netijesinde kärhanadaky önüm öndürilişini ýagy ýeten gural bilen deňeşdirse bolar. Onda enjamyň her bölegi kömelek ýetişdirmek işiniň ol ýa-da beýleki ugruny çuňňur bilýän hünärmen ýalydyr.

Ekinlik miseliý – kömelek «tohumydyr». Kömelegiň köpelmek üçin döredýän maddasynda sporalar ýetişýär. Sporalar uzak ýyllar ýaşamaga ukyplydyr. Görkeziji enjamlar howanyň temperaturasyny we çyglylygyny görkezýärler .

Kömelekler ýetişensoň ýygnalýar. Amatly şertlerde kömelekler her 24 sagatda iki esse ulalýarlar. Kömelekler ilki 37 günde, soňra has uly topary 55 günde, galanlary soň ýetişýärler.

Kömelekler modifisirlenen gaz gurşawly gapda satuwa çykarylar – ol azyk önümlerini ahyrky tapgyrda işlemegiň dünýä belli, onlarça ýyl bäri ulanylyp gelýän usulydyr.