Ï Buýan köki – ýurdumyzyň milli baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Buýan köki – ýurdumyzyň milli baýlygy

view-icon 3337
Buýan köki – ýurdumyzyň milli baýlygy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Buýan» obasenagat toplumynda işler guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Munuň şeýledigini kärhana boýunça tamamlanan 2022-nji ýylda 19 müň tonna töweregi çig görnüşindäki buýan köküniň taýýarlanylandygy aýdyň subut edýär.

Kärhanada geçen ýylyň ýanwar–dekabr aýlarynda buýan köküniň arassalanylyp baglanan önüminiň 2 müň 963 tonnasy taýýarlanylyp, bu baradaky meýilnama artygy bilen amal edildi.

Şeýle hem bu ýerde buýan köküniň önümiň 680 tonna töweregi üwelen külke görnüşli gury ekstrakt, onuň 610 tonna töweregi bolsa, goýy toşap görnüşli ekstraktdyr.

Kärhanada öndürilýän önümler dünýä bazarynda uly islege eýe bolup, ol Hytaý, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Serbiýa ýaly döwletlere eksport edilýär.

Esasan hem Amyderýanyň kenarynda bitýän buýanyň köki türkmen topragynda önýän milli baýlyklarymyzyň biridir. Mälim bolşy ýaly buýan köki gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda hem-de häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şeýle hem konditer önümçiliginde giňden ulanylýar.