Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda fewral aýynda iki olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda fewral aýynda iki olimpiada geçiriler

view-icon 7720
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda fewral aýynda iki olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kompýuter grafikasy we himiýa boýunça olimpiadalary guraýar.

17-nji fewralda kompýuter grafikasy boýunça, 24-nji fewralda himiýadan olimpiadalar geçiriler.

Olimpiadalara her ders boýunça öz ýokary okuw mekdebinde gowy netije görkezen üç talyp gatnaşyp biler. Ýumuşlary ýerine ýetirmäge 120 minut wagt berler.

Olimpiadalaryň ikisi hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçiriler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary şäheri), Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň(Türkmenabat şäheri) talyplary olimpiada onlaýn görnüşde gatnaşyp bilerler.

Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

Olimpiadalara gatnaşmagyň düzgünleri barada anyk maglumat institutyň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.