Geçen ýyl Könürgenç etrabynda ýerleşýän pagta egriji zawod öndürýän önüminiň ýetmiş iki göterimini eksport etdi.
Kärhananyň önümlerini alýanlaryň arasynda Russiýa, Gazagystan, Türkiýe, Eýran, Azerbaýjan we beýleki ýurtlar bar. Ýurdumyzyň täze dokma önümçiliginiň biri bolan bu kärhana diňe bir önümleriniň ýokary hili bilen däl, eýsem söwda-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalaryň şertlerini berk berjaý edýänligi bilen hem dünýä bazarynda-da abraý gazandy. Önümiň ylalaşylan möçberde ugradylmagy baradaky borçnamalaryň üznüksiz ýerine ýetirilmegi onuň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşdygyny subut etdi.
Zawod her ýyl dünýä bazarynda islegli «Open end» pnewmo-mehaniki usulynda taýýarlanylýan 6 müň tonna ýokary hilli pagta ýüplügini öndürmäge niýetlenendir. Onuň önümçilik sehleri «Trützschler» we «Schlafhorst» ýaly belli kompaniýalaryň dürli ähmiýetli ýokary öndürijilikli egirme enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, olar çig mal we energiýa tygşytlaýjylygy hem-de ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar.
Önümçiligiň ähli tapgyrlarynda önümleriň hiline eýermäge mümkinçilik berýän has takyk barlag-ölçeg gurallary bilen enjamlaşdyrylan kompýuterleşdirilen barlaghana zawoda getirilýän pagta süýümini düýpli seljerýär we taýýar ýüplügiň hiline baha berýär.
Ýüplügi daşarky bazara iri eksport edijileriň biri bolan Daşoguz şäherinde ýerleşýän pagta egriji zawod hem ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işlemäge we 14,5 müň tonna dünýä bazarlarynda aýratyn islegli dürli reňkli «Ring» belgili ýokary hilli önüm öndürmäge niýetlenendir.