Ï «Sarayan» nyşanly iş eşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sarayan» nyşanly iş eşikleri

view-icon 6728
«Sarayan» nyşanly iş eşikleri

«Saraýan» hojalyk jemgyýeti dürli pudaklaryň: azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň we jemgyýetçilik naharhanalarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, gurluşyk, nebit we gaz, ulag, oba hojalygy kärhanalarynyň işgärleri we beýleki hünärleriň wekilleri üçin iş eşiklerini çykarýar.

«Saraýan» hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş eşiklerinini tikip gelýär.

Egin-eşikler ýokary hilli matalardan (gabardin, kreton we beýleki) dürli matalardan tikilýär. Kärhana häzirki zaman tikinçilik enjamlary bilen üpjün edilen. Şeýle hem önümçilikde ýokary hilli esbaplar ulanylýar, munuň netijesinde «Saraýanda» tikilýän eşikler has köp wagt ulandyrýar.

«Sarayan» hojalyk jemgyýeti firmanyň nyşanyny we simwolikasyny ulanmak bilen müşderiniň teklip edýän eskizine laýyklykda şahsy sargytlary hem ýerine ýetirýär. Kärhanada çeken zähmeti üçin dürli döwürlerde döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ýokary hünärli hünärmenler işleýär.

Kompaniýa öz önümlerini dürli önümçilik sergilerinde görkezip üstünlik gazandy.

«Saraýan» ýylda 20 müňe golaý toplum iş eşigini öndürýär. Geljekde önümçiligi giňeltmegiň hasabyna kärhananyň kuwwatyny ýylda 50 müň iş eşigi toplumyna çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Kärhananyň elektron salgysy: sarayan@degirmen.group