Ï Jogapkärli möwsümde tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jogapkärli möwsümde tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary

view-icon 7374
Jogapkärli möwsümde tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary

Dünýäniň belli kompaniýalaryndan ýurdumyzyň agrosenagat toplumyna satyn alnyp berilýän kuwwatly tehnikalaryň agrotehniki kadalara laýyklykda öndürijilikli işledilmegi ýerden bol hasyl almakda, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleri üçin bosagada duran örän jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişi hem-de ýakynlaşyp gelýän bugdaý oragy möwsüminde, şeýle hem ýaşyl maýsalara we gowaçalara ideg etmekde işledilýän kuwwatly tehnikalaryň, ekijileriň, tirkeg gurallarynyň, kombaýnlaryň bökdençsiz işlemeklerini üpjün etmek maksady bilen olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň goruny döretmek zerur bolup durýar. Ynha, şu maksat bilen Türkmenabadyň tejribe – synag abatlaýyş zawodynda oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ýokary hil derejesindäki ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk ýola goýlupdyr. Bu ýerde plastikden, ýagny polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ätiýaçlyk şaýlarynyň 180-den gowrak görnüşi ýasalyp, olar hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.

Bu kärhananyň zähmetsöýer işçileridir hünärmenleri döredijilikli gözlegleriň we işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň netijesinde şu ýylyň ýanwar – fewral aýlary üçin meýilnamasyny 163 göterimden gowrak, diňe şu ýylyň fewral aýy üçin hem aýlyk meýilnamany 160 göterime golaý amal etmekligi başarypdyrlar.

Kärhanada öndürilýän ätiýaçlyk şaýlary oba hojalyk tehnikalaryndan başga-da “Gallaönümleri”, pagta arassalaýjy kärhanalaryna, şeýle hem “Azyk” önümçilik birleşigine hem iberilýär. Bu kärhananyň diňe bir Lebap welaýatynyň oba hojalyk ulgamy üçin däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň oba hojalyk önümçilik birleşiklerine degişli bolan etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň, “Galla” we “Azyk” önümçilik birleşikleriniň, pagta arassalaýjy kärhanalarynyň buýurmalary esasynda hem ätiýaçlyk şaýlary ýasamaklygy aýratyn guwandyryjydyr.