«Ak toprak» hususy kärhanasy «Bolelin», «Teyli», «Ararat» nyşanlary bilen şöhladyň we şöhlat önümleriniň 100-den gowrak dürli görnüşlerini öndürýär
«Ak toprak» kompaniýasy, her ýylda ýüzden gowrak şertnama baglaşyp, öz önümleri bilen döwlet we hususy söwda nokatlary üpjün edýär. Bu kärhana önümlerini marketlerde, bazarlarda we ş.m. ýerlerde saklamak üçin 105 sany sowadyjy enjam, şöhlat we şöhlat önümlerini daşamak üçin 17 sany sowadyjy ýük awtoulagy bilen üpjün etdi.
Önümçilikde Germaniýanyň döwrebap we täze enjamlar: «Kerres», «Seýdelmann», «Handtmann», «Poly-Clip», şeýle hem halkara ülňülerine laýyk gelýän «Seymag» türk öndürijisi ulanylýar.
Şöhlat, şeýle hem beýleki et önümlerini öndürmek üçin çig mal, daşary ýurtlardan: Ispaniýadan, Belgiýadan, Daniýadan, Awstriýadan, Germaniýadan we Günorta hem Demirgazyk Amerika ýurtlary bolan Kanadadan, Paragwaýdan, Braziliýadan satyn alynýar.
Bu erde iş depgininiň ýokarlanmagy netijesinde şöhlat önümçiligini artdyrmagy we 2000 tonnadan gowrak önümi daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirilýär.