Ï «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň täze önümi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň täze önümi

view-icon 6981
«Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň täze önümi

«Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti öz barlaghanalarynda önümçiligi ýokarlandyrmagyň üstünde yzygiderli işleýär we şonuň netijesinde täze «Esmo» nyşanly maýoneziň önümçiligini özleşdirdi.

Önümleriň beýleki görnüşlerinden «Esmo» maýonezi ýagynyň mukdarynyň 25 we 40 göterimi bilen tapawutlanýar. Ýagy 40 göterim bolan maýonez işdäaçarlar üçin niýetlenendir we olarda ýokumlylygyny gowy saklaýar. Ýagy 25 göterim maýonez dönerler, burgerler we sandwiçler ýaly ýokary belokly naharlar üçin ulanylýar.

«Esmo» nyşanly maýonez özüniň hoşboý tagamy we reňki bilen bazarlardaky beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar.

Bu barada satuw sanlary hem subut edýär, «Esmo» maýonezi dükanyň tekjelerinde uzak saklanmaýar, gaty çalt satylýar.

Şeýle hem ýakyn geljekde «Esmo» nyşany bilen ajy we pomidor üwmejini öndürmek meýilleşdirilýär.