Ï «Eziz Erkin» HJ – ygtybarly kömekçi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Eziz Erkin» HJ – ygtybarly kömekçi

view-icon 8325
«Eziz Erkin» HJ – ygtybarly kömekçi

«Eziz Erkin» hojalyk jemgyýeti hyzmat bazarynda eýýäm müşderileriň ynamyny gazanmagy başaran ýaş kompaniýadyr.

Ol ýükleri taýýarlama pursadyndan başlap, gowşurma nokadyna çenli ýokary derejede hyzmat berýär. Hünärmenler ýükleriň ýany bilen gidip, onuň bitewüligine we abatlygyna ýokary hilli gözegçiligi amala aşyrýarlar.

Ýerine ýetirilen işleriň tizligi we hili möhüm ähmiýete eýe bolan häzirki jemgyýetde işleşmek üçin hyzmatdaşyň dogry saýlanmagynyň-da ähmiýeti az däldir. Bu nukdaýnazardan «Eziz Erkin» hojalyk jemgyýeti iň amatly we peýdaly hyzmatdaşlaryň biridir. Kompaniýada işleriň ýerine ýetirilmegine başarnykly we jogapkärli çemeleşmek işgärlere bolan esasy talaplaryň biridir.

Üstünlikli işler alyp barmak üçin, kompaniýada maglumaty gaýtadan işlemegiň iň soňky ulgamyna esaslanýan tehnologiýalar ulanylýar. Kompaniýanyň esasy wezipesi daşary ýurtlarda türkmen önümleriniň hilini görkezmekdir.