Mary welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň çopan toparlary mallaryň baş sanyny artdyrmak üçin uly alada edýärler.
Welaýatyň günortasynda bahar paslynyň gelmegi bilen ýaşyl begrese bürenen Pendi ýaýlasynda erkana otlaýan dowarlar ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň hem-de işjanly maldarlaryň ýadawsyz zähmetleriniň aýdyň müwesi bolup durýar. Giň ýaýlada şu ýyl howanyň ir maýlamagy, ýagynyň bol bolmagy, gök otlaryň ir ýetişimegi Tagtabazar etrabynyň maldarlarynyň ot-iým üpjünçiligine uly ýardam berdi.
Etrapda bar bolan 363 müňden gowrak jemgyýetçilik dowarlaryndan 233 müňüsi önüm berýän ene goýunlardyr. Şonça baş ene mallardan şu möwsümde 215 müň 968 sany owlak-guzy alnyp, etrap boýunça bellenilen meýilnama ýüz göterim üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu alnan ýaş mallaryň ählisi ösdürime goýberildi. Täze bolan owlak-guzulara weterinariýanyň talaplaryna laýyk ýokary derejede ideg edilýär.
Etrapda jemi alty sany maldarçylyk hojalyklary bolup, “Maldar”, “Serhetçi”, “Çemenabat” “Ýeňiş”, “Guşgy” maldarçylyk hojalygy hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky ylmy maldarçylyk hojalygy bar. Bu hojalyklaryň her birinde tejribeli çopanlaryň birnäçesi zähmet çekýär.
Häzirki günlerde çopanlar hojalyklarda dowarlaryň gyrkym möwsümine girişmäge taýýarlyk görýärler. Bu möwsüm üçin gerekli gurallardyr enjamlaryň ählisi häzirden taýýarlanylýar.