Bu kompaniýa ozal öndürilen turbalardan başga-da, ýaňy-ýakynda ekin ýerlerini damjalaýyn suwarmak üçin halk hojalygynda zerur bolan plastik turbalary hem öndürip başlady.
Ekin meýdanlarynyň ýyl-ýyldan artdyrylmagy we bag hem beýleki hojalyklaryň giňeldilmegi netijesinde, damjalaýyn suwaryş önümlerine zerurlyk-da artýar. Bu ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, “Türkmen Senagat” şunuň ýaly zerur önümleri köpeltmek we öndürmek kararyna geldi. Bu çemeleşme bada-bat özüni ödedi.
“Krauss Maffei” we “Damla Plast” kompaniýalarynyň enjamlary we tehnologiýalary satyn alnyp, ulanylyşa girizildi, bu bolsa önümleriň görnüşini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda bu kompaniýa Türkmenistanyň halk hojalygynyň köp pudagy üçin plastik turbalary öndürýär.