«Ak Ulag» hususy kärhanasynyň logistika hyzmatlary ulgamynda öz ornuny tapanyna köp wagt geçmändigine garamazdan, kärhana eýýäm ýurdumyzyň dürli künjeklerinde telekeçileriň we müşderileriň ynamyny gazanmagy başardy. Müşderileriň talaplaryna laýyk derejä ýetmek üçin hyzmatlaryň gerimini ýokarlandyrmak kompaniýanyň innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugrudyr.
Awtomobillerde, demir ýol, howa we deňiz ulaglary bilen ýük daşamak «Ak Ulagyň» alyp barýan esasy işidir. Mundan başga-da, kärhana harytlary saklamak işlerini hem ýerine ýetirýär.
«Ak Ulag» hususy kärhanasy ýükleriň ähli görnüşini – ýygnama, temperatura talaplaryna eýermegi talap edýän ýükleri daşamak hyzmatlary bilenem müşderileri özüne çekýär. Dünýäniň çar künjegine - Russiýa, Hytaýa, Türkiýä, Ýewropa we Günorta Amerika ýurtlaryna ýük daşamak işleri amala aşyrylýar.
Islendik ulagda şäherara we halkara ýük daşamagy guramak we amal etmek, ýükleri daşary ýurtlardan getirmek ýa-da daşary ýurtlara äkitmek, gümrük resminamalaryny resmileşdirmek ýaly toplumlaýyn hyzmatlar müşderiler üçin amatlydyr. Özem ýükleriň ylalaşylan möhletlerde ýetirilmegi, olaryň abatlygy we howpsuzlygy, elýeterliligi hem amatly nyrhlar kepillendirilýär.