Welaýatda şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekilip, ondan bol pagta hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen gündogar sebitiň ähli etraplarynda örän jogapkärli möwsüm – geljekki bol hasylyň ykbalyny kesgitleýän gowaça ekişi guramaçylykly dowam etdirilýär.
Sebitde her günde ekiş geçirilýän meýdanyň 5 müň gektara golaý bolmaklygy, işleriň göwnejaý guralýandygynyň şaýadydyr. Bu jogapkärli möwsümde welaýatyň Kerki, Halaç hem-de Saýat etraplarynyň oba hojalykçylarynyň has-da tapawutlanýandygyny belläp geçmek bolar.
Gowaça ekişiniň bellenilen meýilnama laýyklykda agrotehniki kadalar esasynda alnyp barylmagy bu möwsüme welaýatyň oba hojalykçylarynyň ykjam taýýarlykly gelmekleriniň netijeleridir. Häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk işlerinde kuwwatly, ýokary öndürijilikli daşary ýurt tehnikalary netijeli, gurat we bökdençsiz işledilýär. Olaryň ep-esli böleginiň sanly ulgam arkaly işledilýändigi bolsa, oba hojalyk ulgamynda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň önümçilige işjeň ornaşdyrylýandygynyň subutnamalarydyr.
Welaýat boýunça ýaz ekişine tehnikalary taýýarlamak işleriniň öz wagtynda geçirilmegi, etraplarda hereket edýän tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda işleriň talaba laýyk ýola goýlandygynyň görkezijileridir. Ekiş möwsüminde “Monosem” kysymly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan takyk ekijileriň, şeýle hem ekijileriň kämil görnüşleriniň 400-e golaýynyň netijeli ulanylmagy ekişiň bellenilen möhletde agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegine, gowaçanyň kadaly düýbüni almaklyga, şeýle hem öz wagtynda we doly gögeriş gazanylmagyny üpjün eder.
Bulardan başga-da etraplaryň daýhan birleşiklerinde bar bolan ekijiler doly abatlanyp, möwsümde netijeli işledilýär. Ýeri gelende gowaça ekişinde işledilýän tehnikalar, ekijiler we tirkeg gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň hem öňünden taýýar edilendigini belläp geçmek möhümdir. Bu bolsa hasylyň ykbalyny kesgitleýän jogapkärli möwsümde işleri bökdençsiz alyp gitmäge mümkinçilik berýär.
Welaýatda ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça çigidiniň 21 müň tonnasynyň taýýar edilmegi, bu möhüm çäräni bökdençsiz dowam etmäge şert döredýär. Häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda gowaçanyň ýokary hasyl berýän “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “S-2606” görnüşleri ekilýär we olardan ýokary hasyla garaşylýar. Gündogar sebitiň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde 150 gektara golaý ýerde “Ýolöten-50”, “Ýolöten-53” ýaly gowaçanyň täze görnüşleriniň ekilýändigi, şeýle hem Saýat ylmy önümçilik synag hojalygynyň ekin meýdanlarynda gowaçanyň “Garaşsyzlyk-30” görnüşiniň synag üçin ekilýändigi welaýatda synag–tejribe işleriniň hem giňden alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Welaýatyň babadaýhanlarynyň möhüm möwsüme doly taýýarlykly gelmekleri we gowaça ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda guramaçylykly dowam etdirmekleri olaryň şu oba hojalyk ýylynda hem ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan “ak altynyň” bol hasylyny kemala getirjekdiklerine şaýatlyk edýär.