Ï «Ýunus-Atabek» HK-nyň önümleri uly gyzyklanma döredýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýunus-Atabek» HK-nyň önümleri uly gyzyklanma döredýär

view-icon 6183
«Ýunus-Atabek» HK-nyň önümleri uly gyzyklanma döredýär

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depgininiň ýokarlanmagy sebitde mebel önümçiliginiň çalt ösmegine itergi berdi. Bu ugurda üstünlikli işleýän kärhanalaryň biri-de Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Ýunus-Atabek» hususy kärhanasydyr, onuň önümleri häzirki wagtda ýerli ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Kärhananyň hünärmenleri täze jaý edinenleriň isleglerini kanagatlandyrmak üçün önümleriniň ençeme görnüşini öndürmegi ýola goýdular. Olaryň arasynda dürli görnüşli we dizaýnly ýumşak, uzak ulandyrýan, şol sanda yssa ýa-da aşa çyglylyga çydamly plastik penjireler, gapylar we derwezeler bar. Olar üýtgeşik dizaýny we gurnamasynyň ýeňilligi bilen özüne çekýär.

Hususy kärhana Ýewropada öndürilen ýokary öndürijilikli häzirki zaman enjamlary, şol sanda materiallary kesmek, berkidiji esbaplary oturtmak üçin deşik deşmek , gyralaryny ýonmak, nagyş salmak we beýleki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän abzallar bilen doly üpjün edilen. Tejribeli hünärmenleriň olary başarnykly ulanmagy netijesinde müşderileriň sargytlary we islegleri göz öňünde tutulyp ýokary hilli önüm öndürilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiiniň agzasy, Daşoguz şäheriniň «Hilal» hususy kärhanasy, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmen çаrwa» hususy kärhanasy we beýleki birnäçe işewürlik düzümleri ýurdumyzyň demirgazygynda dürli görnüşli mebeller öndürýärler. Gelejekde täze hususy önümçilikleriň döredilmegi netijesinde sebitde olaryň sany hasam artar.