Ï “Täç hiliň” awtomobil söýüjiler üçin täze önümleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Täç hiliň” awtomobil söýüjiler üçin täze önümleri

view-icon 6111
“Täç hiliň” awtomobil söýüjiler üçin täze önümleri

Isleg teklip döredýär diýlip hasaplanýar. Aslynda bolsa, durmuşda ýygy-ýygydan bu tersine bolýar, ýagny hut teklip isleg döredýär. Ähtimal, “Täç hil” kompaniýasynyň işgärleri şu durmuş hakykatyndan ugur almak bilen, ilaty, ýagny onuň ep-esli bölegini – awtoulag söýüjileri ulaglary ýuwmak, arassalamak we olara ideg etmek üçin ýörite serişdeler boýunça teklip bilen üpjün etmek ýoluny saýlap tutandyr.

Kompaniýanyň söwda-satyk hyzmatlary bölüminiň hünärmeni H.Haljanowyň aýtmagyna görä, bu şereket ýakynda awtoulag ýuwmak üçin ýörite şampunlary we awtoulaga ideg üçin gerek bolan beýleki himiki serişdeleri öndürmegi özleşdirdi. Şeýlelikde, kompaniýa şunuň ýaly serişdeleri öndürýän ilkinji kompaniýalaryň biri, belki-de, iň ulusy boldy. Durmuş hünärmenleriň çakynyň dogrudygyny görkezdi. Teklip islegi tapýar.

Kompaniýa indi köp ýyl bäri bazaryň islegdir teklibini öwrenýär. Ilatyň arasynda isleg bildirilýän köp sanly önümiň öndürilişi özleşdirildi. Işiň üstünlikli bolmagyna ýörite barlaghananyň işi we kompaniýanyň mahabaty-da goşant goşýar.