Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen badalga alan gowaça ekişi Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda-da barha giň gerime eýe bolýar. Daýhanlaryň durmuşynda iň jogapkärli döwür bolan gowaça ekişine pagtaçy kärendeçiler uly jogapkärçilikli çemeleşýärler.
Bu möhüm möwsümde öňdebaryjy etraplaryň biri bolan Tagtabazar etrabynyň kärendeçileri her ýylda oba hojalyk işlerinde welaýatda öňdeligi eýeleýärler.
Şu ýyl etrap boýunça 5 müň 300 gektarda gowaça ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Şondan pagtaçy kärendeçiler 12 müň 700 tonna ak altyn hasylyny almaga borçlanýarlar.
Häzirki güne çenli guramaçylykly başlanan işlerde etrapda ekiş geçirmekde kuwwatly daşary ýurt ekiji tehnikalaryň 27-siniň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar.
Etrabyň ekin meýdanlarynda orta süýümli gowaçanyň Ýolöten-7 görnüşi ekiler. Gowaça ekiljek 5 müň 300 gektar ekerançylyk meýdanlaryna gerekli bolan gowaça çigidiniň 574 tonnasy kärendeçilere paýlanyp berler.
Ekiş üçin niýetlenen saýlama tohumlar Tagtabazar etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda taýýar edildi. Kärhanada pagtany gaýtadan işläp, tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işleri doly tamamlandy. Şu ýyl kärhanada jemi 2 müň 433 tonna tohum taýýar edildi.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny düýpli ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijesinde etrabyň çäginde bäş sany paýdarlar jemgyýetleri döredildi. Bu hususy hojalyklarda döwlet tabşyryklaryndan daşgary hem halkymyzyň azyk bolçulygyna goşant goşmakda dürli görnüşli gök önümler ösdürilip ýetişdirilýär.