Daşoguz welaýatynyň pileçileri täze möwsümine taýýarlyk işlerini tamamlaýarlar.
Bu möhüm çig mal öndürijileriň hemmesini ýokary hilli gurçuk tohumy bilen doly üpjün etmek üçin zerur guramaçylyk çäreleri görüldi. Gurçuk tutmak üçin bölünip berlen jaýlaryň hemme ýerinde olary ösdürip ýetişdirmek üçin iň amatly şertler döredilipdir, bu ýerlerde ýeterlik derejede aňsatlyk bilen şemallatmak mümkinçiligine, maslahat berilýän temperaturany we çyglylygy üpjün edip bilmegine berk üns berlipdir. Şol bir wagtyň özünde ýüpek gurçugyny öndürmek üçin esasy iým binýady bolan tut ekin meýdanlaryna ideg etmek boýunça zerur çäreler hem görülýär.
Ýüpekçilik Daşoguz welaýatynda oba hojalygynyň geljegi uly pudaklardan biridir. Ýurdumyzyň demirgazygynda şu ýyl bäş ýüz tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şabat etrabynda beýlekilerden köp – 184 tonna pile öndüriler. Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin 110 tonna gymmatly çig mal taýýarlamagy meýilleşdirýän Akdepe we 80 tonna pile öndürmegi meýilleşdirýän Görogly etrabynyň daýhanlary-da bu möhüm çig malyň iri öndürijisi bolarlar.
Sebitde uly möçberde pile öndürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Pudagyň iým binýady ýylsaýyn giňeýär. Häzirki wagtda welaýatda tut ösdürip ýetişdirmek üçin iki müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde her ýyl ekerançylyk ýerleriň töwereginde we akarlaryň boýunda müňlerçe täze tut nahallary oturdylýar, bu bolsa şol bir wagtyň özünde ýerli ekologiýa peýdaly täsir edýär.
Döwlet tarapyndan oba-senagat toplumynyň işini gowulandyrmak, şol sanda oba hojalyk önümlerini öndürijleri höweslendirmek, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan giň gerimli çäreler oba ilatynda ýüpek önümçiligine uly gyzyklanma döredýär.