Ï «MFT» kärhanasy önümçiligi giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«MFT» kärhanasy önümçiligi giňeldýär

view-icon 7229
«MFT» kärhanasy önümçiligi giňeldýär

Daşoguz welaýatynyň Şawat etrabynda ýerleşýän «MFT» (Maks food technology) kärhanasy öndürilen önümleriň sanawyny giňeltmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Myrat Allaýazowyň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy ýurdumyzda demirgazyk sebitde ösdürilip ýetişdirilýän saýlama miwelerden öndürýän ekologiýa taýdan arassa önümleri bilen tanalýar.

Häzirki wagtda bu ýerde miwe mürepbeleriniň, garyşyk dürli gök önümlerden bolan miwe suwlarynyň onlarça görnüşi öndürilýär. Soňky ýyllarda olaryň üstüne körpelere niýetlenen miwe şiresi hem goşuldy. Olaryň baý witamin-mineral düzümi çaganyň bedeniniň gowy ösmegi üçin örän peýdalydyr.

«MFT»-niň önümleri ýokary hili we ajap tagamy üçin uly islegden peýdalanýar. Önümleriň meşhurlygynda kärhanada amal edilýän tehnologik işe berk gözegçilik we önümiň uzak saklanmagyny üpjün edýän ekologiýa taýdan arassa gaplaryň hem ähmiýeti uludyr.

Kärhananyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, geljekde birnäçe görnüşli şöhlat önümlerini öndürmekligi hem ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Muňa Ýewropada öndürilen ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen enjamlar ýardam eder. Kärhananyň işçileri «MFT»-niň beýleki önümleri ýaly, şöhlat önümlerini hem ýokary hilli öndürmegy maksat edinýärler.