Ï Üstünliklere beslenen möhüm möwsüm
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üstünliklere beslenen möhüm möwsüm

view-icon 4378
Üstünliklere beslenen möhüm möwsüm

Häzirki günlerde balkanly maldarlar dowarlardan owlak-guzy, düýelerden hem köşek almak möwsümini guramaçylykly ýagdaýda gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, sebitiň toprak-howa şertlerine görä bu möwsüm ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna garanyňda biraz giç başlanýar. Şoňa görä-de sebitde dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi aprel aýynyň ikinji on günlüginde tamamlanýar.

Şeýle-de bolsa balkanly çarwadarlar bu jogapkärli möwsüme irki möhletlerde girişip, oňa hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlykly geldiler. Şonuň ýaly-da mallar üçin niýetlenilen ýataklardyr agyllar doly taýýarlanyp, ot-iýmleriň ýeterlik gorlary döredildi. Şeýle hem çopanlara wagtlaýyn kömekçileriň berkidilmegi, hasabat işleriniň öz wagtynda we takyk ýöredilmegi ýerine düşdi.

Garagum sährasynyň jümmüşinde ýaýylyp ýatan bereketli ýaýlalarda bakylan dowarlaryň semizlik derejesem oňat. Bu bolsa alynýan ýaş mallaryň sagdynlygyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Olara zooweterinariýa gözegçiligem talabalaýyk ýola goýuldy.

Tejribeli çarwadarlar bu gün owlak-guzy almak boýunça göz öňünde tutulan önümçilik meýilnamasyny abraý bilen berjaý etdiler. Şeýle üstünligiň gazanylmagyna welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň «Gyzylarbat», Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan», Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlary saldamly goşant goşdular. Şu ýyl welaýat boýunça 58130 ene dowardan ýaş mallaryň 53 müňden gowragy alyndy. Olaryň ählisem össürime goýberildi hem-de zerur bolan möwsümleýin çäreler degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda öz wagtynda geçirildi.

Günbatar sebitiň maldarçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynda düýelerden köşek almak babatda ýetilen sepgitler hem şowly boldy. Netijede hojalyklarda bakylýan ene düýelerden alynan köşekleriň sany 744-e ýetdi. Munuň özi oba hojalygyndaky jogapkärli möwsümiň üstünliklere beslenip, degişli borçnamalaryň ýerine ýetirilendigine doly güwä geçýär.