Ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň “Daşoguzenergogurluşyk” kärhanasynyň hünärmenleri ýurdumyzda bitewi energetika halkasyny döretmäge niýetlenilen Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň (EGU-500) gurluşygna işjeň gatnaşýarlar.
Şu günler hünärmenler özlerine bölünip berlen uzynlygy ýüz kilometre barabar bolan böleginde metal sütünlere geçirijileri gurnamak işlerini alyp barýarlar, häzirki wagta çenli sütünleriň iki ýüzden gowragy gurnaldy.
Elektrik geçirijileri sütüne galdyrmak we olary birikdirmek, simleri sazlamak bilen birikdirmek, şol amallaryň her biri ýeterlik derejede hünär ussatlygyny talap edýär. Hünärmenler çöl ýerlerinde işleýändiklerine garamazdan, işleri üstünlikli ýerine ýetirmekde olaryň zähmetiň öňdebaryjy usullaryny we ösen tehnologiýalary ussatlyk bilen ulanýarlar. Balkan-Daşoguz EGU-500-iň gurluşygyna “Daşoguzenergogurluşyk” kärhanasy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döwlet we hususy edaralarynyň wekilleriniň hem gatnaşýandygyny bellemek gerek.
Şol bir wagtda-da “Daşoguzenergogurluşyk” kärhanasynyň hünärmenleri Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň demirgazygynyda täze kiçi elektrik bekediň gurluşygyny hem dowam edýärler. Ol beket Daşoguz şäherinde ýerleşen iri döwlet elektrik bekediniň öndürýän elektrik energiýasyny kabul etmäge we paýlamaga mümkinçilik berer.