Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň durnukly ösýändigi geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenildi.
Şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,5 göterim, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň meýilnamasy 102,8 göterim berjaý edildi.
Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl, eýsem sebitiň çäginden daşda hem uglewodorod çig malyny we ony çuňňur gaýtadan işleýän önümleri esasy eksport edijidir.
Nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçiligini artdyrmak we kuwwatynyň ulanylyşyny gowulandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtaldy. Şu ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin işleri alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow belledi we Hazar deňzinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, daşarky maýa goýumlary çekmek bilen, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Aprel aýynyň ahyrynda BAE-nyň Dubaý şäherinde geçiriljek Halkara maýa goýum forumynda Türkmenistanyň ÝET-nyň şol bir wagtyň özünde deňizdäki ýataklar boýunça hem täze maýa goýum taslamalaryny hödürlemek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisinde eden çykyşynda kanun çykaryjylary bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanuny esaslaryny häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek üçin Türkmenistanyň «Daşary ýurt maýa goýumlary barada» we «Uglewodorod serişdeleri barada» Kanunlaryny kämilleşdirmäge çagyrdy. Döwlet baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda dünýä ölçegleri boýunça ägirt uly uglewodorod gorlary bar, muny göz öňünde tutup, senagat pudagyny ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak we daşary ýurt maýa goýumyny çekmek arkaly milli ykdysadyýeti çalt depginlerde ösdürmek meselesi öňe çykýar.