Ï Goturdepedäki «gara altynly» guýularyň hatary artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goturdepedäki «gara altynly» guýularyň hatary artýar

view-icon 4738
Goturdepedäki «gara altynly» guýularyň hatary artýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky «Nebitgazburawlaýyş» kärhanasynyň ussat burawlaýjylary şu ýylyň geçen ilkinji çärýeginde täze guýularyň altysyny gazyp, nebitgaz çykaryjylara ulanmaga berdiler.

Şeýle-de, «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary şu ýylyň geçen üç aýynda Goturdepe käninde 12 kilometrden gowrak ýerasty çuňluk geçmegi başardylar.

Ýeri gelende aýtsak, Demirgazyk Goturdepe känindäki 390-njy we 231-nji guýulary nebitçilere ulanyşa tabşyran burawlaýjylar ýakynda Goturdepe käninde taslama çuňlugy 2,6 kilometr bolan 1807-nji guýynyň gazuw işlerini-de üstünlikli tamamladylar. Şeýlelikde, bu guýynyň 2,535 kilometr çuňlugyndan ýangyç çig malynyň senagat akymy alyndy.

Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Guýy bir gije-gündizde 12 tonnadan gowrak «gara altyn» berýär. Şeýle deslapky netijeler bolsa «Türkmenistanda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyndan» ugur alyp, üstümizdäki ýylyň her bir gününi şanly görkezijilere besleýän kärhanalaryň Günbatar sebitde barha artýandygyna şaýatlyk edýär.