Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynda şu ýylyň geçen birinji çärýeginde öndürilen önümleriniň umumy möçberi bäş million manatlykdan gowrak boldy.
Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçilikde ösüş depginiň 135 göterim artandygyna güwä geçýär. Öndürilen önümleriň iki million gowrak manatlygy tikin we örme önümlerine, üç milliona golaý manatlygy bolsa aýakgap önümlerine degişlidir. Şeýle-de kärhana şu ýylyň geçen üç aýynda tikin we aýakgap önümleriniň köp bölegini içerki sarp edijilere ýetirdi. Şu babatda gazanylan üstünligem 121 göterime deň boldy.

– Kärhanamyzda zähmet çekýän işgärleriň 140-a golaýy tikin, 90-a golaýy aýakgap önümçiligi bölümlerinde zähmet çekýärler. Olar ýerine ýetirýän işleriniň ýokary hilli bolmagy üçin yhlaslaryny, iş tejribelerini gaýgyranoklar. Toplumyzda öndürilýän önümler, esasan, ýörite buýurmalar boýunça taýýarlanylýar. Önümleriň döwrebap hil derejesi, şol sanda ekologiýa taýdan arassalygam müşderilerden gelýän sargytlaryň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär – diýip, toplumyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Reýhan Garaşewa biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.
