Ï Türkmenabadyň himiýa kärhanasy: Yzygiderli gözlegler, ýokary netijeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabadyň himiýa kärhanasy: Yzygiderli gözlegler, ýokary netijeler

view-icon 9947
Türkmenabadyň himiýa kärhanasy: Yzygiderli gözlegler, ýokary netijeler

Ýurdumyzyň iň iri kärhanalarynyň biri hasaplanylýan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň himiýa zawodynyň agzybir işgärleri şu ýylyň ilkinji çärýegini ýokary zähmet netijeleri bilen tamamladylar.

Kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýylyň başyndan bäri oba hojalygy üçin möhüm bolan fosforly mineral döküniniň, ýagny ammonili superfosfatyň meýilnamada bellenilen 57,5 müň tonnasyna derek 61 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 106 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende bu ugur boýunça ösüş depgininiň 115 göterime barabardygyny aňladýar.

Şeýle hem kärhananyň işgärleri şu ýylyň başyndan bäri kükürt kislotasynyň 23 müň tonnadan gowragyny öndürmegiň hötdesinden geldiler. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artykdyr. Ýeri gelende kükürt kislotasyny öndürýän desganyň durkunyň täzelenip, Ýaponiýanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigini, munuň bolsa, önümleri ýokary hil derejesinde öndürmäge mümkinçilik berýändigini belläp geçmek möhümdir. Kükükt kislotasy sehinde taýýar önümiň 20 müň tonnasyny saklamaklyga niýetlenen ammaryň we taýýar önümleri daşamak, sarp edijilere ýetirmeklik üçin ýöriteleşdirilen täze ýük wagonlaryň 20-siniň bomaklygy işleri bökdençsiz we öz wagtynda ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýär.

Kärhanada yzygiderli alnyp barylýan gözlegler netijesinde öndürilýän önümleriň görnüşleriniň sany barha artýar. Bu ýerde senagat we saglygy goraýyş pudaklarynda giňden ulanylýan tehniki we lukmançylyk kislorodyny öndürmeklik işleri hem talabalaýyk ýola goýlupdyr. Şeýle hem kärhanada hlorly hekiň, oba hojalyk ulgamynda ekinleri zyýankeşlerden goramaklyga niýetlenen kükürtli himiki serişdeleriň öndürilýändigini belläp geçmek bolar. Bu serişdeleriň mukdary sarp edijileriň buýurmalary esasynda kesgitlenilýär. Şonuň bilen birlikde kärhanada halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ulanylýan keramiki önümleriň dürli görnüşleri, polietilen turbalary hem-de çelekleri we beýleki dürli himiki serişdeler öndürilýär.

Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda öndürilýän önümleriň köpdürlüligi, olaryň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda uly ähmiýete eýedigi we bu ýerde gazanylýan ýokary netijeler kärhananyň ýurdumyzyň ykdysady kuwatynyň has-da pugtalanmagynda mynasyp orna eýedigine şaýatlyk edýär.